JEMGYÝET

4 ýaşda 7 dil bilýär

Siz bary-ýogy 4 ýaşly perzendiňize näçe dil öwredip bilersiňiz? Iki, aňry gitse üç dilmi? Russiýaly Bella Dewýatkina bolsa hut şu ýaşda eýýäm ýedi dilden habarly. Ol bu ukybyny rus teleýaýlymlarynyň birinde berilýän «Amazing people» teleşounda hem subut etdi.

4 ýaşlyja Bella haýsy dilleri bilýär? Ol rus, iňlis, ispan, hytaý, fransuz, nemes we arap dillerinde arkaýyn gürleşmegi başarýar.

Ýokarda ady görkezilen telegepleşikde gyzjagaz bu dillerde birnäçe adam bilen erkin gürleşmegi başardy. Onuň bu başarnygy YouTube-de hem paýlaşyldy. Eýýäm millionlarça adam tarapyndan tomaşa edilen bu görnüşler, elbetde, hemmeleri haýran galdyrýar.

Related posts

Gruziýanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistana sapary başlandy

Ýaponiýaly erkek ministr çaga seretmek üçin rugsada çykýar

vepa

Yaşlılar Konseyi 9 Ekimde toplanacak

vepa