JEMGYÝET

“Koka-Kola” peýdalymy?

«Koka-Kola» peýdalymy ýa zyýanly?» diýen jedel birtüýsli tamamlananok. Ýakynda bolsa dünýä metbugatynda bu datly içginiň peýdaly taraplarynyň ýene-de dördüsi baradaky maglumatlar çap edildi. Olar barada bilmek «Atavatan-Türkmenistanyň» okyjylary üçin hem gyzykly bolsa gerek.

1. Tiz siňdiriş

Alymlaryň we lukmanlaryň aýtmagyna görä, «Koka-Kola» iýmiti tiz siňdirmäge ýardam berýär. Aşgazan kesellerinden ejir çekýänlere hem käte «Koka-Kola» içmek maslahat berilýär.

2. Ünsi jemlemäge ýardam berýär

«Koka-Kolanyň» düzümindäki minerallar gan akymyna täsirini ýetirip, adamyň ünslüligini güýçlendirýär.

3. Energiýa çeşmesi

Dogry, işjeňlige gök we miwe önümleriniň hem peýdasy kän. Alymlar bolsa edil şeýle peýdany «Koka-Kolanyň» hem berýändigini aýdýarlar.

4. Ýürek bulanmany aýyrýar      

Alymlaryň aýtmagyna görä, «Koka-Kolanyň» düzümindäki şeker ýürek bulanmany aradan aýyrýar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy