JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk agşamy” atly dabaraly konserte gatnaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk sebit ýurtlarynyň arasyndaky köptarplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Şol duşuşygyň öňüsyrasynda Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň “Dostluk agşamy” atly dabaraly konserti geçirildi.

Konsert maksatnamasyna Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna myhman hökmünde gatnaşýan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň dürli öwüşgin reňkdäki görkezme çykyşlary hem-de aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dost-doganlygynyň aýdymy bolup ýaňlandy.

Bu konsert maksatnamasy sebit ýurtlarynyň medeni ýakynlygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi.

Related posts

Türkmen dokma önümleri “Amazonda” we “Walmartda”

vepa

Türkmenistan-Italiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl doldy

Ata Watan Eserleri