JEMGYÝET

Bürünç eýýamyndan galan

Beýik Britaniýada 54 ýaşly Billi Wogan öz hususy melleginde Bürünç eýýamyndan galan altyn bilezik tapdy diýip, «Daily Mail» agentligi habar berýär.

Uelsiň Uaýthewenlik şäherinde lukman bolup işleýän B.Wogan işden boş wagtlary melleginde güýmenýär. Bir gün bolsa ol täsin tapyndynyň ― altyn bilezigiň üstünden bardy.

Alymlaryň çaklamagyna görä, bu altyn bilezigiň dört müň ýyllyk taryhy bar. Onuň düzümindäki altynyň bahasy 11 müň funt sterlige (13,5 müň dollara) ýetýär. Emma Beýik Britaniýanyň kanunlaryna görä, şeýle gymmatly baýlygy satmak üçin muzeýe ýüz tutmaga ýa-da alymlara öwrenmäge bermäge borçly.

Related posts

Türkmenistan bilen Germaniýa strategik hyzmatdaşlyk kartasyny durmuşa geçirýär

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Çeburaşka”atly ilkinji 3D multfilmi

Ata Watan Eserleri