JEMGYÝET

«Arkadag» topary «Abdyş-Ata» toparyny 2:0 hasabynda utdy

Bassyr iki ýyldan bäri futbol boýunça milli çempionatymyzyň çempiony «Arkadag» futbol topary halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýär. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň birinji tapgyrynda Maldiw adalarynyň «Maziýa» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan çempionymyz Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparyny hem 2:0 hasabynda utdy.

Mälim bolşy ýaly, «Aarkadag» topary ýaryşyň «B» toparçasyna wekilçilik edýär. Bu toparçanyň duşuşyklary Kuweýtde geçirilýär. «Arkadag», «Abdyş-Ata» we «Maziýa» toparlaryndan daşary hem toparça ýer eýeleriniň «Al-Arabi» topary wekilçilik edýär.

Kuweýt şäherindäki «Al-Kuweýt» stadionynda geçirilen duşuşykda “Arkadag” topary 27-nji minutda Şammämet Hydyrow hem-de 50-nji minutda A. Başimowyň gollary bilen ynamly ýeňiş gazandy.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda «Maziýa» bilen «Al-Arabi» duşuşyp, bu duşuşykda «Al-Arabi» topary 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär