JEMGYÝET

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Fransuzlaryň “Pari Sen-Žermen” we Germaniýanyň “Bawariýa” toparlarynyň futbolçylary Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşyklarynda täze netijelilik rekordyny goýdulyar. Oýun Parižde geçip, 5:4 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Ýarym finallaryň taryhynda ilkinji gezek birinji ýarymda bäş gol geçirildi. Oýnuň ilkinji ýarymyndan soň hasap 3:2 hasabynda PSŽ-niň peýdasyna tamamlandy.

“Bawariýa” 1994/95-nji ýyldaky möwsümden bäri ilkinji gezek ýewrokuboklarda öz derwezesinden bäş gol goýberdi. Şonda Mýunheniň kluby Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda Niderlandlaryň “Aýaks” toparyndan 2:5 hasabynda utulypdy.

Mundan başga-da, 2018-nji ýylda “Liwerpul” we “Roma” (5:2 “Liwerpulyň” peýdasyna), şeýle-de 2022-nji ýylda “Mançester Siti” bilen “Real Madrid” (4:3 “Mançester Sitiniň” peýdasyna) duşuşyklarynda ýarym final oýunlarynda ýedi gol geçirilipdi.

Bu bäsleşikler Çempionlar ligasynyň şu tapgyrynda urlan gollaryň sany boýunça rekord hasaplanýardy.

Related posts

Aýda näçe adamyň hususy ýeri bar?

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Ata Watan Eserleri