JEMGYÝET

Türkmenistan-BAE: metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ikinji gününde Dubaý şäherinde birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda iki ýurduň birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr.

Gol çekilen resminama:

  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr);

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky bilen “First Abu Dhabi” bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylyň dekabr aýynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisinde (COP28) Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny resmi taýdan yglan edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi