JEMGYÝET

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ýewropa yklymynda Ýewropa çempionaty, Amerika yklymynda bolsa, Kopa Amerika ýaryşy tamamlandy. Ýewropa Ispaniýa, Amerikada bolsa, Lionel Messili Argentina bassyr 2-nji gezek Amerikanyň Kubogyny gazandy.

15-nji iýunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda badalga alan Kopa Amerika kubogy şu gün, ýagny Aşgabat wagty 09:00 töweregi tammalandy. Maýami şäherindäki “Hard Rok” stadionynda Argentina bilen Kolumbiýa duşuşdy.

Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Soňra goşmaça wagt berildi. Şol goşmaça wagtyň 112-nji minutynda Lautaro Martinesiň geçiren goly bilen Argentina Kopa Amerika kubogyny gazandy.

Şeýlelikde, Argentina bu kubogy bassyr 2-nji gezek yzly-yzyna gazandy. 2021-nji ýylda Braziliýany 1:0 hasabynda utan Argentina bu gezek Kolumbiýany 1:0 hasabynda ýeňip, kubogy eýelemegi başardy.

Argentina bu ýaryşda “A” toparçasynda çykyş edip, ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandy. Soňra pleý-off tapgyrynda bolsa, Ekwadory we Kanady ýeňip, finala çykan Argentina ýene-de bir kubogyny gazandy.

Argentinanyň ýyldyzlary Lionel Messi Kopa Amerikadaky iň soňky duşuşygyny, Anhel Di Mariýa bolsa, Argentinanyň milli ýygyndysyndaky soňky duşuşygyny gazandy.

8 gezek “Altyn pökgi” baýragyny gazanan Lionel Messi Argentinanyň ýygyndysy bilen 3-nji kubogyny gazandy. Mundan ozal, 2021-nji ýylda Kopa Amerikany gazanan Messi 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda hem çempion bolupdy.

Argentina 16-njy gezek Kopa Amerika kubogyny eýelp, bu ugurda öňdeligi eýeledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»