JEMGYÝET

Türkmenistanyň 4 welaýatynda 4 metjit açylýar

Oraza aýynyň haýyr-sahawatyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine aýratyn hormat goýulýar. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesini agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşylapdyrlar.

Şu gün ýurdumyzda Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň 4 welaýatynyň şäherçelerinde döwrebap metjitler ulanmaga berler. Bu barada hormatly Prezidentimiziň Gadyr gijesi mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda bellenilip geçilýär.

Hususan-da şeýle diýilýär:

– Bu gün bolsa il-ýurt bähbitli haýyr işlerimizi mukaddes Gadyr gijesi bilen baglanyşdyryp, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçelerinde gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze metjitleri ulanmaga berýäris.

Mälim bolşy ýaly, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjit ulanmaga berlipdi.

Ýene-de okaň

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler