JEMGYÝET

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Şu gün paýtagtymyzdaky Milli Söwda Merkezinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasynyň, “Dragon Oýl” (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň bilelikde nebit-gaz syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, “Türkmenistanrowaçlygyň Watany!” atly şygar astynda geçirilen bäsleşiginiň ýeňijileriniň eýelerine dabaraly ýagdaýda sowgat beriş dabarasy geçirildi. Bu dabara bäsleşige gatnaşan ýazyjylar,   köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň wekilleri bilen birlikde, ýurdumyzyň at gazanan aýdymçylary, halk artistleri gatnaşdylar.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Ykdysadyýet we maliýe müdirliginiň başlygy Abdyrahym Begjanow, “Nebit-gaz” gazetiniň bölüm redaktory Oraznazar Heşdekow we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Seýitmämmet Seýidow  birinji orunlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory Kakageldi Hümmäýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça döwlet toparynyň Nebit we gaz bölüminiň başlygy Myratnyýaz Nurmämmedow şeýlede Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory Hojanepes Ýowjanow ikinji orunlara we üçünji orunlara bolsa “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň taslamalaryň tehniki-ykdysady bölümçesiniň müdiri Ýulýa Işanowa, Halkara Nebit we Gaz uniwesitetiniň uly mugallymy Akmaral Japarowa şeýle hem Türkemen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy Çarymyrat Ussaýew mynasyp boldular.

Dabaranyň dowamynda ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň meşhur aýdymçylary Annagül Gurdowa, Döwran Nurýagdyýew, Jeýhun Atajykow, Döwlet Nurmuhammedow dagylar yerine ýetiren aýdymlary bilen dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdylar.

Ýene-de okaň

Gruziýanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistana sapary başlandy

Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda migrasiýa boýunça halkara foruma gatnaşýar

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar

Türkmenistanda täze prokurorlar wezipä bellendi