JEMGYÝET

22-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şonuň çäklerinde oktýabr aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem geçiriler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi