JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresine gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Allatagaladna merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýörite gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi