JEMGYÝET

22-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şonuň çäklerinde oktýabr aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem geçiriler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi.

Related posts

Türkmen-owgan serhedinde işler bökdençsiz alnyp barylýar

Repden Golliwudyň ýyldyzyna çenli

Ata Watan Eserleri

Hytaýda dron şüweleňi

vepa