Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkiýä saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ykdysady we işewür guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Şeýlelikde, 27-nji iýunda Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralary birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türki döwletleriniň çägindäki köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň işewür düzümleriniň söwdany ösdürmäge, senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we durnukly önümçilik-logistika ugurlaryny döretmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlara işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň (TOBB) Birinji wise-prezidenti Ali Kopuz bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-senagat düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegi üçin amatly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň hem-de täze bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.
