JEMGYÝET

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim ýurdumyza resmi sapary amala aşyryp, hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň çäklerinde Premýer-ministriň hoşniýetli dostlugyň we çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza sport motoulagyny gowşurmagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde dabara geçirildi.

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň ösüşleriň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Honda” kysymly motoulagy sowgat bermegi möhüm wakalaryň biri boldy. Munuň özi Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryna, türkmen halkyna bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edildi.

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Milli Liderimize sowgat beren sport motosiklini meşhur malaýziýaly sport ussady, “PETRONAS MIE Racing Honda Team” toparynda çykyş eden Haýrul Idham bin Pawiniň dolandyrandygyny nygtamak gerek. Dünýäde ykrar edilen bu ussat türgen “Super KIP” ady bilen hem meşhurdyr. Ol “World Supersport” ýaryşlarynyň abraýly tapgyrlarynyň dürli çempionatlarynda çykyş edip, ýokary ussatlygyny görkezen türgendir.

Bu motosikl “Supersport 2024” tapgyrynda dünýä çempionatyna gatnaşyp, örän çylşyrymly ýaryş şertlerinde has zerur bolan tizlik, durnuklylyk we rahatlyk görkezmeli bolanda, tehniki taýdan kuwwatly häsiýetini subut etdi. Şoňa görä-de, dünýä möçberindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin döredilen bu sport motosikli ýokary derejede berkligiň, dolandyrmakdaky dürslügiň we takyklygyň, kämillige tarap ymtylyşyň nyşanydyr. Munuň şeýledigini onuň tehniki häsiýetnamalary-da tassyklaýar. Onuň iň ýokary kuwwaty 121 at güýjüne deňdir. Şeýle ýokary tizlige eýe bolan bu sport ulagynyň sowgat berilmegi Milli Liderimize goýulýan belent hormatyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň özüne sowgat berlen motoulagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine gowşurmak baradaky çözgüdi ministrligiň ähli işgärleriniň, içeri işler edaralarynyň weteranlarynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň we türgenleriniň şatlygyna şatlyk goşan waka öwrüldi. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Içeri işler ministrligine sowgat beren motoulaglarynyň sergisi guraldy. Onda Malaýziýanyň Premýer-ministri tarapyndan berlen “Honda” motoulagyna möhüm orun berlipdir.

Ýene-de okaň

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin we Putin türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi