JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gaznanyň müdiriýetiniň mejlisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri amala aşyrylan işler boýunça hasabatlar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hasabat bilen çykyş edip, ilki bilen türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Oguljahan Atabaýewanyň beren hasabatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu günki güne çenli 2467 çaga döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy.

Mundan başga-da, gazna halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn ähmiýet berýär. 2025-nji ýylda gazna bilen Sun Szinlin adyndaky gaznasynyň (Hytaý), Geýdar Aliýew gaznasynyň (Azerbaýjan) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalary gol çekilmegi geçen ýylyň haýyr-sahawat gaznasy üçin netijeli ýyllaryň birine öwrüldi – diýip, gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa belledi.

Oguljahan Atabaýewa 2025-nji ýylda Monako Knýazlygyna, Özbegistan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna we Katar Döwletine amala aşyrylan saparlaryň netijeleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilendigini belläp geçdi.

Mejlisiň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimliginiň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryljak Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi