JEMGYÝET

Kuraş-2023: Aşgabatda janköýer zolaklary döredildi

Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin janköýer zolaklary açyldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Olar paýtagtymyzyň “Berkarar” (1-nji gatda) we “Aşgabat” (2-nji gatda) ýaly söwda we dynç alyş merkezlerinde ýerleşýärler.

IMG_20231123_140903.jpg

Janköýer zolagyna giriş hemmeler üçin açykdyr. Ol ýerde janköýerler üçin güýmenje maksatnamalary we ýaryşlar taýýarlanyldy. Janköýer zolagynda dünýä çempionatynyň ähli ýaryşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

IMG_20231123_144058.jpg

Dünýä çempionatynyň maksatnamasynyň 25-nji noýabrda geçiriljek dabara bilen açyljakdygyny bellemelidiris. Türgenleriň arasyndaky ýaryşlar 27-nji we 28-nji noýabrda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler