JEMGYÝET

Türkmenabat Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler

Türkmenabat Halkara howa menzilinde ýolagçylara ýokary derejede hyzmat işleri alnyp barylýar. Bu ýerde ýerleşýän «Türkmenabat howa menzili» gümrük nokadynda howa gatnawlary arkaly gelýän we iberilýän ýükleriň barlag işleri hem-de degişli gulluklar tarapyndan sanitariýa, zyýansyzlandyryş işleri bellenilen talaplara laýyklykda alnyp barylýar diýlip, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň web saýtynda aýdylýar.

Saýtda ýerleşdirilýän habarda, dünýäde adamzadyň saglygyna uly täsir edýän ýiti ýokanç keseliň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda bu keseli döredýän ýokanjyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen öňüni alyş çärelerini işläp düzmäge we ýerine ýetirmäge netijeli işler alnyp barylýar, howa ulaglary arkaly getirilýän ähli harytlara zyýansyzlandyryş işleri doly geçirilýär, diýip aýdylýar.

Habarda bellenişine görä, Howa menzilinde iň kämil barlag gözegçilik geçiriş enjamlarynyň kömegi bilen gümrük barlaglaryny ýokary takyklykda we çalt amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Türkiýede “Redmi 9C” telefony öndüriler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi