SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherinde geçirilen “Professional Fighters League” (PFL) ýaryşynda Taýson Pedrony ýeňmegi başardy.

Bu tutluşyk türkmen türgeni üçin 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen “PFL Road to Dubai” ýaryşyndan soňra möhüm tapgyr boldy. Ýatladyp geçsek, şol gezek ol amerikaly Kori Andersondan eminleriň biragyzdan beren karary bilen asgyn gelipdi.

Tutluşykdan soňra beren interwýusynda Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen bolan tutluşygy barada durup geçip, garşydaşynyň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu türgen örän güýçli bäsdeş bolup çykdy.

Indiki tutluşygy we mümkin bolan garşydaşy baradaky soraga jogap berende, Ýagşymyradow häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny, ýöne islendik wagtda islendik garşydaşa garşy tutluşyga çykmaga taýýardygyny aýtdy.

«Göreş — meniň durmuşym» — diýip, türgen nygtady.

Interwýusynyň ahyrynda türgen goldaw berenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny beýan etdi.

Şu günki güne çenli Ýagşymyradowyň hasabynda 26 ýeňiş, sekiz ýeňliş we bir deňlik bar.

Pedro üçin Belfastdaky tutluşyk 2024-nji ýylyň martyndan bäri ilkinji tutluşyk boldy. Şonda ol “UFC Fight Night 238” ýaryşynda braziliýaly Witor Petrinodan eminleriň karary bilen utulypdy. Onuň statistikasynda bolsa 10 ýeňiş we alty ýeňliş bar.

Belfastdaky ýeňiş Ýagşymyradowyň PFL ýaryşlaryyň çägindäki ornuny has-da berkitdi we türkmen türgeni üçin halkara meýdançasynda ähmiýetli netije boldy.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy