SÖHBETDEŞLIK

Bazar Şalyýew: ilkinji goşgym –  parahatlyk guşum

Her tomusda mekdep okuwçylary dynç alyşa çykanlarynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Gökdere jülgesinde çagalar dynç alyş merkezlerinde kitaphana hünärmenleri bolup ýaşajyk okyjylaryň arasynda “Kim bilmeşek”, “Kim köp erteki bilýär”, “Meniň halaýan kitabym” ýaly birnäçe görnüşli kitaplaryň üsti bilen bäsleşik oýunlaryny geçirýäris.

Ine, bu gezegem bölüm müdiri Gökdere dynç alyş merkezine gitmelidigimizi aýtdy. Men haýdan-haý çagalar şahyrlarynyň kitaplaryny gözden geçirip başladym. Tekjede şahyr Bazar Şalyýewiň “Älemgoşar” atly kitaby dur. Şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanyp kitaphanamyzyň “Hazynalar” bölümine ýüz tutamda, şahyryň “Älemgoşar” atly kitabyndan başga-da “Ynam”, “Hasyl” atly goşgular ýygyndylaryny görkezdiler. “Älemgoşary” okap başladym. Kitapdaky goşgy setirlerini okanyňda, göýäki, çagalygyňa dolanan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Kitapdaky “Alemgoşar”, “Kitaby söýýän”, “Atamyň pentleri” ýaly birnäçe tebigatymyzyň gözelliini wasp edýän, çaga oýunlary bilen bagly ýa-da kitabyň gymmatlydygyny aňladýan goşgulary okadyňça, okasyň gelýär.

Men kitaplara,

Çyn hormat goýýan.

Ertekileriň,

Jadylysyn söýýän.

 

Kitap okasam,

Dostlam köpelýär.

Serime täze,

Aň-paýhas dolýar.

Şahyryň “Atamyň pentleri” atly goşgusynda türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus bolan çaga terbiýesi bilen bagly edep-ekram meselesi hakda söhbet açylýar. Şahyr çaga dilinde sözlemegň ussady. Çaga dilinde edep-ekram öwredýär.

 

Ululary elmydam,

Hormat goýup söýmeli,

Irden turup olara,

Ilki “Salam!” diýmeli.

Täsirli hem gyzykly goşgulardyr tapmaçalardan ybarat bolan bu kitapda çagalaryň durmuşynda gabat gelýän wakalar, gyzykly hadysalar hakda sada dilde beýan edlýär. Goşgular hatda iň körpeje okyjylara hem düşnükli.

Gyzykly tomus dynç alşyndan soň çagalar uly höwes bilen okuwa başlaýarlar. Täze okuw ýylynyň başlamagy bilen meýilnama boýunça ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary esasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-ündew işlerini geçirýäris. Geçirilýän çärelerimize ýazyjy-şahyrlarymyzy çagyryp, çagalar bilen sorag-jogap alyşmak arkaly döredijilik duşuşygyny gurnaýarys. “Älemgoşar” atly kitabyň awtory bilen tanyşmak, ýaş okyjylaryň arasynda onuň bilen döredijilik duşuşygyny gurnamak maksady bilen şahyra jaň etdim.  Şahyr Bazar Şalyýew “Baş üstüne, nesip bolsa bararyn” diýip, hoşamaý jogap berdi. Bazar aganyň pespälligine, sadalygyna, ýürekdeşligine onuň bilen bir gezek gürleşeniňde göz ýetirmek bolýar. Okuw ýylynyň dowamynda birnäçe gezek duşuşyklary geçirenimizden soň, bilesigelijilik islegim halys erkime goýman, söhbetdeşlik edip, oňa birnäçe sowallar bilen ýüzlenip, giň okyjylar köpçüligine ýetiresim geldi. Şahyryň  döwletli ojagynda söhbetdeş bolduk. Kiçigöwünli, sada, hakyky türkmen ýaşulysy Bazar aga howlukman soraglaryma giňişleýin jogap berdi.

  • Bazar aga elbetde, adaty sorag bolsa-da, döredijilige haçan başladyňyz?

– Gowy sorag berdiňiz. Elbetde, her bir adama Allatarapyn zehin, ukyp berilýän bolmaly. Men kiçiligimden erteki diňlemegi, soň okuwa gidip başlanymda, türkmen dili, edebiýat sapaklaryny aýratyn gowy görýärdim. Edebiýat mugallymyz sapakdan daşary erkin düzme ýazmagy tabşyranda, käbir ýerlerini goşgy setirleri bilen ýazanym ýadyma düşýär. Soňra  mugallymyň ugrukdyrmagy bilen 6-7-nji synplarda, okaýarkam, edebiýat gurnagyna gatnap başladym. Gurnakda edebiýat mugallymyz goşgy düzüliş formasyny düşündirip, her sapakda öýe ýumuş tabşyrýardy. Kitap okamagy, goşgy diňlemegi gowy görýärdim. Türkmen ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryny okamak bilen çäklenmän, daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryň hem eserlerini okaýardym. 10-njy synpda okaýarkam, bir gün mekdepden çykyp, tebigatymyzy, arassa asmanymyzy synlap gelýärdim, ine, bir görsem,  topar tutup, owadan görnüş emele getirip,  gök asmanda ak kepderiler gaýyşyp ýörler. Gözüm şolarda galdy. Olaryň özboluşly hamana tans edýän ýaly bolup, uçuşlary meni haýrana goýdy. Bu gözel görnüşden gözlerimi aýryp bilmeýärdim. Şeýdip kepderileriň owadanlygyny synlap gelşime “Kepderi” diýen goşgym döredi. Ilkinji goşgym 1966-njy ýylda şol wagtlar “Mydam taýýar” gazetinde, soňra öňki “Pioner” žurnalynda çap edildi. Asmanda uçup ýören akja kepderiler hakdaky goşgym döredijiligimde ilkinji ädimleriň başy boldy.

Ak bulutlar deý,

Uç, ak kepderi!

Dynçlyk paýla sen,

Geç-de köp ýeri.

 

Arzuw edýärin,

Erkin uçuşy.

Beze asmanym,

Rahatlyk guşy!

Şonda kem-kemdewn akja kepderileriň asmany biçak söýýändigine şaýat boldum. Kepderleriň erkana uçuşynyň ilimiziň parahatlygynyň nyşanydygyna düşündim. Wagtyň geçmegi bilen ýaşyň ulaldygyça, köp zada düşünýäsiň. “Döredijilik  duşuşyklarynda, mekdeplerde geçirilýän çärelere gatnaşanymda, döredijilik älemine ýaňy başlan pursatymda dörän “Kepderi” goşgusynyň manysyny gürrüň berýärin. Hemme zatdyň parahatlykdan başlanýandygyny, akja kepderiniň parahatçylygyň nyşanydygyny düşündirýärin” diýip şahyr bir zady ýadyna salmak isleýän ýaly biraz dymdy-da, söze başlady:

–  Gyzym “Dile geldi, bile geldi” diýlen halk pähimi bar, saňa kepderi hakynda eşidenimi gürrüň bereýin, tüweleme, türkmeniň her bir güni toýdur baýramlara beslenen, şahyr, il ýaşulysy bolamsoň, köplenç, ulurak toýlara-da, döredijilik duşuşyklaryna-da çakylyk gelýär. Ine, bir gezek bir toýda myhmançylykda boldum. Şonda parahatlyk guşy kepderileriň gürrüňi edildi. Aramyzda ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar, aýdymçylar, sözüň-sazyň aşygy, mirasgärlerimiz hem bar. Bir mirasgär şonda  parahatlyk guşy “akja kepderi” hakynda şeýle gürrüň berdi: “Güneşli asmanymyzda kepderileriň pyrlanyp tans etmegi, bu guşuň arassa asmany söýýändigi,  ak kepderiler  hiç wagt uruşmaýar, ýene bir aýratynlygy olar juda duýgur, birden ýoldaşy öläýse, hiç wagt taşlap gitmeýär, gymyldaman, şonuň ýanynda ep-esli wagt oturýar, özüçe, ýas tutýan bolara çemeli. Şeýle hem, taryhdan, rowaýatlardan bilşimiz ýaly, ak kepderi ilçi (diplomatik) guş hökmünde, ýagny goňşy ýurtlaryň  patyşalarynyň, hanlarynyň arasynda habarçy hökmünde ulanylypdyr, hatda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem kepderilerimiz gizlin habarlary ýetiripdirler, kepderiň  ganatyna hat ýazyp uçuryp goýberipdirler. Akja kepderilerimiz parahatçylygyň hakyky ilçileri bolupdyrlar. Ýaşlarymyz durmuş guranda çakylyk hatyny paýlaýarlar. Şonuň ýüzünde owadan jübütje akja kepederileriň şekili goýlandyr, bu bolsa, elbetde, wepadarlygyň alamaty bolýar.” Bu gürrüň mende uly täsir galdyrdy. Ilkinji goşgymyň kepderi hakda bolmagy hem ýöne ýerden däl bolsa gerek” diýip, şahyr sözüni tamamlady.

Şahyra ýene-de sowal bilen ýüzlendim:

–  Döredijilik ýolunda haýsy şahyrlary halypaňyz hasaplaýaňyz ? Nirede, haýsy ýerde okadyňyz, nähili hünäri ele aldyňyz?

– Çaga döwrümiz obada biri toý etse, menem atam bilen giderdim. Toýa dessançy bagşylar, şahyrlar, gelerdiler. Olar goşgy okap, aýdym aýdardylar. Kiçiräkdim, atam bilen bir gezek toýa gitdik, şol toýa Annadurdy molla ady bilen tanalýan bir şahyr geldi. Annadurdy molla birnäçe täsirli goşgular, rubagylar aýdyp berdi. Şeýle hem, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň syrly şygyrlaryna jogap bolýan setirlerini okap berdi. “Hakdan halatly, halkdan sylagly ynsan Annadurdy molla-şahyr bilen soň-soňlaram birnäçe gezek duşmak, oturmak miýesser etdi…  Bazar aga birden myssa ýylgyrdy-da, “Soňam Annadurdy molla-şahyr hem halypam, hem gaýynatam boldy” diýip, ýaşlyk ýatlamalryny ýatlap gürrüň berdi. Gyzym, döredijilik ýolunda mugallymym, şahyr Nury Baýramowy, Gurban Çöliýewi, Kaýum Taňrygulyýewi halypalarym hasaplaýaryn. Bu ägirtleriň eserlerini okap, köp zatlary öwrendim. Halypalaryň kitaplaryny okap, çagalaryň pamyk ýaly arassa kalbyna, olaryň dünýäsine nähili çemeleşmelidigini öwrenip, kämilleşip, çagalar üçin goşgy ýazyp başladym. Işim barada aýtsam, edebiýat sapagyny gowy görýänimdenmi nämemi? Mugallym bolmak höwesim döredi. Obamyzdaky  Hojambaz etrabyndaky 5-nji orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky (şol wagt M. Gorkiý ad.) Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girdim. Uniwersiteti tamamlanymdan soň, “Ahal durmuşygazetinde işe başladym. Gazet redaksiýasynda işlemegim, yazyjy-şahyrlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagym, döredijilige ymykly baş goşmagyma ýardam berdi, oňaýly täsirini ýetirdi.  Soň maşgala ýagdaýym sebäpli, dogduk obama dolanmaly boldum. Obamyzda okap, bilim alan mekdebimde mugallym bolup işe başldym. Gapdaly bilen döredijiligimi hem dowam etdim diýip, şahyr sözüne dyngy berdi. Men oňa:

  • Bazar aga, birnäçe gezek çagalaryň arasynda duşuşyklarda bolduk, şol duşuşuklardan soň, täsirlenip goşgy döretdiňizmi?!

–   Hawa, köplenç, duşuşuklarda bolanymyzda, men çagalara, köplenç, tapmaça, matal  häsiýetli goşgularymy okap berýärin. Körpeler bilesgelijilik, uly şowhun bilen jogap berýärler. Şu pursatda özümem çaga ýaly begenýärin, bu ýagdaý ýene-de birnäçe tapmaça goşgularyň döremegine sebäp boldy. Çagalar üçin eser döretmekligi jogapkärli hem sogaply hasaplaýaryn.  Ýakyn günlerde, nesip bolsa, ýaşajyk okyjylar üçin ýene kitap çykarmagy niýet edinýärin.

      –  Halypa hökmünde döredijilik ýoluna gadam basan ýaşlara berjek maslahatyňyz?!  

– Döretmek, ýazmak üçin diňe gözlegde bolmagy, irginsiz yhlas etmegi arzuw edýärin. Ata-babalarymyz “Yhlasa – myrat” diýýändir. Adam elmydama arzuwlar bilen ýaşaýar. “Adam arzuwsyz bolmaz, guş – ganastsyz” diýlip ýönelige aýdylmandyr. Ýöne şol arzuwlara ýetmek üçin ynam, yhlas, irginsiz zähmet gerek. Biz mugallymlary, halypalary diňläp, dogry ýoldan ýöräpdiris. Ýazmak, döretmek aňsat däl. Her gün ýazmaly, okamaly, şoňa endik etmeli. Döretmegiň hatyrasyna däl-de, kämilleşmek üçin. Zehiniňi köp okap baýlaşdyrmaly. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt Baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, döretmäge işlemäge ähli mümkinçilikler bar! Biziň ýaş nesillerimiz şoňa jogap edip, diňe okamaly, öwrenmeli, döretmeli!  Diýip şahyr sözüni jemledi.

Hormatly okyjylar ýakynda okuw ýylynyň tamamlanyp barýan günleri  Aşgabat şäherinniň 51-nji mekdebinde ýaş okyjylaryň arasynda “Çagalary söýýän şahyr” atly şahyr Bazar Şalyýew bilen 75 ýyllyk ýubieýi mynasybetli, şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýşyna bagyşlanyp edebi döredijilik duşuşygy geçirildi. Şahyryň janynyň sag bolmagyny, galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny arzuwlap, şahyr bilen ýagşy günlerde görüşmegi dileg edip hoşlaşdyk!

                                                          Söhbetdeş bolan: Gülöwser Rahmanowa,

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ýene-de okaň

Jumamyrat Gurbanow: “Derýa” aýdymy bilen meşhur bolan halypa

Sahysalyh Baýramow: “Ogul”   filmindäki  Batyryň  häzirki  ykbaly

Bahargül Kerimowa: 30 ýyldan soňky duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşuşykdan soň gyzyklandyran söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Kerim Gurbannepesowyň päk söýgüsiniň kyssasy

Men Eneşiň aýdymlarynyň aşygy

Ata Watan Eserleri