JEMGYÝET

Milli Liderimiz: Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr

Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Halkara foruma gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp orun degişlidir. Bu ugra biz parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ählumumy başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýarys. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr. Munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr – diýip, belledi.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini hyzmatdaşlygy yzygiderli, üznüksiz, geljegi ugur edinýän halkara dialog hökmünde kabul edýäris. Ol işleriň giň gerimini öz içine almalydyr. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwuna, howa, häzirki zaman lukmançylygyna, ilkinji bilime elýeterlilik, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň gerimini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys.

Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri