JEMGYÝET

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim Russiýa-ASEAN sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy. Bu barada Tatarystanyň metbugaty habar berýär. Ol bu saparyny tamamlandna soňra Türkmenistana resmi sapar bilen geler. 

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim Kazanda geçiriljek “Russiýa-ASEAN” ýubileý sammitine gatnaşar.

Ol şeýle hem Russiýa-ASEAN işewürler-forumyna gatnaşmakdan başga-da, RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.

Malaýziýanyň hökümet baştutany Kazandaky çäreler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça resmi sapar bilen Aşgabada geljekdigini hem habar berdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir

2024-nji ýyl: diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy

Ata Watan Eserleri