DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen «Ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy gurmak» atly halkara maslahata gatnaşdy.

«Ýeni Azerbaýjan» partiýasy tarapyndan guralan foruma Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Pakistan, Belarus we beýleki döwletleriň syýasy toparlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň hem-de partiýa düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etmek bilen garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň Azerbaýjanyň Günorta Kawkazy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürmek boýunça alyp barýan tagallalary bilen sazlaşýandygyny belledi.

Diplomat öz çykyşynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, döwletleriň özygtyýarlygyna we çäk bitewiligine hormat goýulmagynyň, şeýle hem halklaryň kanuny bähbitleriniň nazara alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň hukuk döwletiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Maslahatyň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek maksady bilen halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň möhümdigini bellediler hem-de sebitlerde durnukly parahatçylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlary bilelikde öňe sürmegiň wajypdygyny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy