SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy 2026: Iýun

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş 2026-ny ýylyň  Iýun   aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Iýun aýynyň ilkinji ýarymy ikinji ýarymyna garanyňda has amatly geçer. Geljeki meýilnamalaryňyzy düzýän wagtyňyzda muny göz öňünde tutuň. Bu ýagdaý durmuşyň ähli ugurlarynda öz täsirini görkezer. Şonuň üçin möhüm iş meseleleriniň çözgüdini ýa-da maşgala bilen bagly wajyp işleriňizi uzak wagta süýşürmezlik maslahat berilýär. Şeýle hem ýyldyzlar içki duýgyňyza aýratyn üns bermegi maslahat berýär sebäbi hut onuň görkezýän ugry maksatlaryňyza has çalt ýetmäge ýardam eder.Meýilnamaňyza laýyk gelmeýän ýagdaýlara ünsli çemeleşiň. Iýunyň başynda ýüze çykan ownuk bir iş meselesi soňra çynlakaý kynçylyga öwrülip biler. Şuňa meňzeş ýagdaý maliýe pudagynda hem ýüze çykyp biler: eger aýyň başynda meýilleşdirilmedik çykdajylara ýol berseňiz ýa-da pul meselesinde seresapsyzlyk etseňiz aýyň ahyryna çenli çylşyrymly ýagdaýlara duçar bolmagyňyz mümkin. Her bir işde tertipliligi saklamaga çalşyň sebäbi bu köp sanly ýakymsyz ýagdaýlaryň öňüni almaga kömek eder.Iýun aýynyň  ikinji ýarymynda ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza aýratyn üns bermeli bolarsyňyz. Käbir Hamallar öz şahsy işlerini biraz yza goýup, söýýän adamlary we  dostlary  maşgalasy bilen has köp wagt geçirmeli bolarlar. Geçmişden galan käbir meseleleriň täzeden ýüze çykmagy hem mümkindir. Olara çynlakaý çemeleşiň we mümkin boldugyça tiz çözmäge çalşyň, hatda bu sizden goşmaça tagalla talap etse-de.Aýyň dowamynda iş ýükleri ýokary bolar. Iň köp işli günleriňizde hem dynç almak üçin wagt tapmaga çalşyň. Siziň saglyk ýagdaýyňyz köp babatda özüňize nähili ideg edýändigiňize we bedeniňiziň zerurlyklaryny näderejede nazara alýandygyňyza bagly bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Iýun aýynyň  başy size köp sanly ýakymly açyşlary we şatlykly pursatlary getirip biler. Bu döwür uzak wagtdan bäri ýüregiňizde besläp ýören batyrgaý meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin örän amatly bolar. Esasan hem iş babatynda üstünlikler garaşylýar. Işine çynlakaý çemeleşýän Sowurlar hyzmat basgançagynda ýokary galmaga we girdejilerini artdyrmaga mümkinçilik alarlar.Şeýle hem bähbitli şertnamalary baglaşmak mümkinçiligi dörär. Hususy iş bilen meşgullanýanlar üçin bu döwür maliýe taýdan aýratyn üstünlikli bolar. Käbir telekeçiler ynamdar hyzmatdaşlaryň goldawy we täsirli adamlaryň hemaýaty bilen işlerini täze derejä çykaryp bilerler.Iýunyň ikinji ýarymy hem erbet geçmez, ýöne wakalaryň ösüşi biraz haýallap biler. Mundan başga-da, köp Sowurlar maşgala aladalaryna we şahsy durmuş meselelerine has köp üns bermäge başlarlar. Söýgi gatnaşyklarynda möhüm üýtgeşmeleriň bolmagy mümkindir. Käbirleri gatnaşyklaryň täze tapgyryna, mysal üçin, nikalaşmaga taýyndyklaryna düşünerler.Saglyk babatynda aý umuman oňaýly bolar, ýöne käwagt dowamly keseller özüni ýatladyp biler. Öňüni alyş çärelerini ýatdan çykarmaň we lukmanyň maslahatlaryny berk berjaý ediň. Bu aýratyn hem uzak saparlary meýilleşdirýänler üçin möhümdir.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Iýun aýy uly wakalary ýa-da düýpli özgertmeleri getirmese-de asuda we amatly geçer. Bu döwürde adaty işleriňiz bilen meşgullanmak bilen birlikde täze başlangyçlara hem girişip bilersiňiz. Iň esasy zat howlukmazlyk we bir kararyň ýa-da bir ädimiň bütin durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip biljekdigine ynanmazlykdyr.Iş babatynda täze bilimleri özleşdirmäge başgalaryň tejribesinden peýdalanmaga we nädogry bolup çykan öňki garaýyşlardan ýüz öwürmäge taýýar bolan Jöwzalar uly üstünlikleri gazanyp bilerler. Käbir ýagdaýlarda düýbünden täze ugurda özüňizi synap görmek zerur bolup biler. Eger öňki zatlara berk ýapyşman täze mümkinçiliklerden peýdalansaňyz üstünlik gazanmak ähtimallygy ýokary bolar.Şeýle hem meýilleşdirilmedik çykdajylaryň ýüze çykmagy mümkindir. Bu esasan hem maşgala zerurlyklarynyň artmagy ýa-da ýakynlaryňyzy begendirmek islegiňiz bilen baglanyşykly bolup biler. Iýunyň ikinji ýarymynda ýyldyzlar size  maliýe meselelerinde has oýlanyşykly bolmagy maslahat berýärler. Emma şahsy iş taslamalaryňyza maýa goýmak üçin amatly döwürdir sebäbi içki duýgyňyz dogry pursady görkezer.Söýgi gatnaşyklary aýyň dowamynda sazlaşykly dowam eder. Iýun täze tanyşlyklar üçin hem eýýäm bar bolan gatnaşyklaryňyzy pugtalandyrmak üçin hem amatlydyr. Söýýän adamyňyz bilen has köp wagt geçirmek mümkinçiligi döreýär we bu biri-biriňize has çuňňur düşünmäge ýardam eder.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Sizi amatly özgertmeleriň aýy garşy alýar. Wakalar aşa çalt ösmez, şonuň üçin her ädimiňizi oýlanyşykly meýilleşdirmäge  netijeli we özüňiz üçin amatly strategiýany saýlamaga ýeterlik wagt bolar. Köp Seretanlar üçin adamlar bilen gowy gatnaşyk gurmak ukyby örän peýdaly bolar. Hut şu häsiýet olaryň täsirli hyzmatdaşlary we täze dostlary tapmagyna ýardam eder.Şeýle hem girdejileriňizde az mukdarda ösüş bolup biler. Şol bir wagtyň özünde iş ýükleri hem artar ýöne siz täze iş tertibine tiz uýgunlaşarsyňyz. Esasan hem hukuk resminama işleri we döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýänler üçin iýun  aýy maliýe taýdan üstünlikli bolar. Kiçi kärhanalara ýolbaşçylyk edýän Seretanlar möwsümleýin girdeji peselmeginiň öňüni alyp girdejilerini artdyrmagyň ýoluny taparlar.Şahsy gatnaşyklarda diňe käbir ýagdaýlarda dartgynly pursatlar ýüze çykyp biler umuman alanyňda bolsa oňyn ýagdaýlar agdyklyk eder. Bu döwür şahsy meýilnamalary gurmak olary ýakyn adam bilen ara alyp maslahatlaşmak we maksatlaryňyza  ýetmegiň ýollaryny bilelikde gözlemek üçin örän amatlydyr. Soňky döwürde gatnaşyklarda düşünişmezlikler bolan bolsa  indi olaryň ählisini çözmek mümkinçiligi döreýär.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Sizi örän ýeňil bolmadyk aý garaşýar. Iýun aýynda geçmişden galan käbir meseleler täzeden ýüze çykyp biler. Uzak wagt mundan öň goýberen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmeli ýa-da öňki hereketleriňiziň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa siz bu synaglaryň hötdesinden üstünlikli geler­siňiz ýöne bu sizden köp güýç we çydamlylyk talap eder.Käbir Esetler meýilleşdiren dynç alyşlaryny ýa-da güýmenjelerini wagtlaýyn yza süýşürip işlerine has köp üns bermeli bolarlar. Belli bir derejede iýun aýy kesgitleýji bolup biler: eger siz özüňizi iň gowy tarapdan görkezseňiz, ýakyn wagtda hünär taýdan ösüş gazanyp, girdeji taýdan täze derejä çykyp bilersiňiz. Emma häzirlikçe ýyldyzlar puluňyzy aýawly ulanmagy maslahat berýär esasan hem döredijilik işi bilen meşgullanýan we ylham hem-de ruhy ýagdaýyna köp derejede bagly bolanlar üçin bu aýratyn möhümdir. Duýdansyz satyn alyşlardan gaça duruň we zerur däl çykdajylary mümkin boldugyça azaldyň.Şahsy gatnaşyklar hem hemişe birsydyrgyn dowam etmän biler. Täze tanyşlyklar we söýgi duýgularynyň döremegi ähtimal. Aýyň ahyrynda iş ýükleri ýokary bolar we bu saglyk ýagdaýyňyza täsir edip biler. Dartgynlylyk sebäpli döreýän kelle agyrylary we ukusyzlyk hatda ýaş hem güýçli Esetleri biynjalyk edip biler. Has uly ýaşly wekiller üçin bolsa dowamly keselleriň ýitileşmeginiň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk barlagyndan geçmek peýdaly bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Iýun aýynda size ýagdaýlara görä hereket etmek  meýilnamalary tiz üýtgetmek we çalt karar kabul etmek ukyby örän gerek bolar. Eger siz öňünden kesgitlenen meýilnama boýunça hereket etmegi halaýan bolsaňyz hem, häzirki döwürde başgaça çemeleşmek zerur bolar. Käbir işleri yza goýup başga meselelere geçmek zerurlygy sizi birneme biynjalyk edip biler ýöne hut şol ýagdaý üstünlik gazanmagyňyza mümkinçilik berer.
Meýilleşdirilmedik çykdajylaryň bolmagy ähtimal. Esasan hem durmuşynda uly üýtgeşmeleri  görkezmek  durmuş gurmak işini ýa-da hünär ugruny üýtgetmek ýaly meýilnamalary bolan Sünbüleler üçin çykdajylar has köp bolup biler. Emma girdejileriňiziň ep-esli artmagyna garaşylmaýar. Şonuň üçin tygşytly boluň zerur däl zatlara pul harçlamaga howlukmaň.Şahsy gatnaşyklar umuman oňaýly geçer  ýöne köp zat siziň özüňizi nähili alyp barşyňyza bagly bolar. Söýýän adamyňyza düşünişmek bilen çemeleşmek, onuň ýagdaýyna duýgudaşlyk bildirmek möhüm bolar. Käbir ýagdaýlarda ol siziň goldawyňyza mätäç bolup biler. Ünsli boluň we içki duýgyňyza gulak asyň. Ähli zat size açyk aýdylman biler şonuň üçin käbir ýagdaýlara özüňiz düşünmeli bolarsyňyz.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Aýyň ilkinji günlerinden ýeňil üstünliklere bil baglamaly däldigiňiz belli bolar. Oňyn ýagdaýlaryň täsiri kem-kemden güýçlener emma iýun aýynda uly üstünlikleri hiç hili tagalla etmezden gazanmak kyn bolar. Şonuň üçin aýratyn hem möhüm maksatlary öňüňizde goýan bolsaňyz, yhlas bilen işlemäge taýýar boluň.Maliýe ýagdaýy birneme çylşyrymly bolup biler. Girdejileriňiz artmagy mümkin, ýöne çykdajylaryňyz hem şoňa laýyklykda köpeler. Näçe tygşytly bolmaga çalyşsaňyz-da, käbir zerur çykdajylardan gaçyp bolmaz. Şowsuz satyn alyşlaryň bolmagy hem ähtimal. Eger uly bir zat satyn almagy meýilleşdirýän bolsaňyz bu ugurda tejribeli we pikirine ynanýan adamlaryňyz bilen maslahatlaşyň.Öňden gelýän maşgala düşünişmezlikleri güýçlenip biler, umuman alanyňda hem ýakyn adamlar bilen ylalaşyk gazanmak öňküsinden has kyn bolar. Käbir adamlar siziň sabyrlylygyňyzdan we ýagşy niýetiňizden peýdalanmaga synanyşyp bilerler. Şeýle ýagdaýlarda öz bähbitleriňizi goramak we dürli täsirleriň garşysynda berk durmak aňsat bolmaz. Iýunyň ikinji ýarymy bolsa ýagdaýlaryň gowulanmagyna mümkinçilik döreder. Esasan hem söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklarda ýakymly özgertmeler bolup biler. Ol köpden bäri arzuw edýän zadyňyzy hödürläp ýa-da siziň üçin möhüm meselede ylalaşyga gelip biler. Şeýle hem geljekki umumy durmuş bilen bagly möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ähtimal.Aýyň başynda saglyk ýagdaýyňyz oňat bolar, emma soňrak käbir näsazlyklar ýüze çykyp biler. Bedeniňizi we ruhy ýagdaýyňyzy aşa ýadatmakdan gaça duruň. Stressli ýagdaýlara garşy durmak öňküsinden has kyn bolup biler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Iýunyň başlangyjy köp babatda örän üstünlikli bolar. Hususan-da, iş ugrunda garaşyşyňyzdan has ýokary netijeleri gazanmagyňyz mümkin. Gyzykly hyzmatdaşlyk teklipleriniň gelmegi ähtimal. Üýtgeşmelere taýýar bolan Akraplaryň öňünde täze hünär mümkinçilikleri açylyp biler. Ýylyň ilkinji aýlarynda alan bilimleriňize we tejribäňize garaşylmadyk täze ulanyş ýoluny tapmagyňyz hem mümkin.Şahsy gatnaşyklarda hem üýtgeşmeler bolup biler. Söýgi durmuşynda ilkinji ädimi ädip, uzak wagtdan bäri göwnüňizde bolan adama duýgularyňyzy bildirmek üçin amatly döwürdir. Emma uzak wagtdan bäri dowam edýän jübütler üçin aýyň ikinji ýarymy has amatly bolar. Bilelikde dynç almak, köp wagt geçirmek, romantiki syýahatlara çykmak ýa-da umumy maksatlaryň üstünde işlemek mümkinçiligi döreýär. Hatda umumy gyzyklanma ýa-da täze güýmenje hem peýda bolup biler.Maliýe babatynda oňyn ýagdaýlar esasan hem iýunyň ikinji ýarymynda has aýdyň duýlar. Bu uly satyn alyşlar we şahsy iş taslamalaryna maýa goýmak üçin amatly döwürdir. Siz puluňyzy biderek zatlara sarp etmän, ony ýerlikli peýdalanmagyň ýoluny taparsyňyz.Aýyň dowamynda ownuk näsazlyklar bolup biler, emma saglyk barada çynlakaý aladalanmaga esas ýokdur.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Siz ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilersiňiz, emma bu aňsat bolmaz. Geçmişden galan käbir meseleler täzeden ýüze çykyp soňky döwürde dowam edip gelen düşünişmezlikler we gapma-garşylyklar güýçlenip biler. Diňe öz kynçylyklaryňyz bilen däl, eýsem kyn ýagdaýa düşen adamlara kömek bermek zerurlygy bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagyňyz ähtimal. Bularyň hemmesi sizden köp güýç talap eder, ýöne siz bu synaglary üstünlikli ýeňip geçersiňiz.Işlerde öňküsinden has köp gijikmeler bolup biler, iş ýerindäki ýagdaý hem birneme dartgynly bolar. Öň ynanýan hyzmatdaşlaryňyz käbir ownuk meselelerde-de, möhüm işlerde-de siziň garaşanyňyzy ýerine ýetirip bilmezler. Şonuň üçin diňe öz güýjüňize bil baglasaňyz, köp sanly ýakymsyz ýagdaýlardan gaça durup bilersiňiz.Maliýe babatynda ownuk kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin. Bu, esasan hem garaşýan tölegleriňiziň gijikmegi bilen baglanyşykly bolup biler. Mysal üçin, bir wagt karz beren adamyňyz ony wagtynda yzyna gaýtaryp bilmez ýa-da tehniki sebäpler boýunça töleg gijä galyp biler. Şeýle ýagdaýlarda howsala düşmän, sowukganly hereket etmek möhümdir. Şeýle hem ýaramaz duýgulardan gutulmak üçin duýdansyz satyn alyşlara ýa-da gymmat bahaly güýmenjelere ýüz urmakdan saklanyň.Şahsy gatnaşyklarda düýpli meseleler ýüze çykmaz. Şeýle-de bolsa, söýýän adamyňyz bilen aragatnaşykda käbir düşünişmezlik pursatlary bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu aý birneme çylşyrymly we dürli ýagdaýlara baý bolar. Käwagt size üstünlik ýakyndyr diýen ýaly duýlar, emma soň garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykyp biler. Has duýgur adamlar şeýle ýagdaýlarda alada edip başlardy, emma siz sabyrlylyk we sowukganlylyk bilen hereket edersiňiz. Hut şu häsiýetleriňiz ahyrky netijede gerekli üstünlige ýetmegiňize kömek eder.Meýilleşdirilmedik çykdajylar ýüze çykyp biler. Olardan doly gaça durmak hemişe başartmaz, emma käbir ýagdaýlarda az mukdarda çykdajy bilen meseläni çözmek mümkin bolar. Esasan hem öň tanamaýan adamlaryňyz ýa-da kompaniýalaryňyz bilen şertnama baglaşmaga howlukmaň. Iýun aýynda birnäçe mümkinçilikleriň arasyndan iň uly girdejini wada berýänini däl-de, iň ygtybarlysyny saýlamak dogry bolar.Ýakynlaryňyz bilen bolan gatnaşyklar size şatlyk getirer. Esasan hem söýýän adamyňyzyň goldawy iýun aýynyň getirýän kynçylyklaryny ýeňip geçmäge ýardam eder. Mundan başga-da, ýakymly romantik sowgatlar we üns-alada göwünleriňizi göterer. Täze tanyşlyklar babatynda bolsa aýyň ikinji ýarymy aýratyn geljegi uly döwür bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Käbir kynçylyklar ýüze çykyp bilse-de, umumylykda iýun aýynda oňyn ýagdaýlaryň täsiri agdyklyk eder. Esasan hem iş ugrunda bu aýratyn aýdyň duýlar. Siz iň çylşyrymly meseleleriň hem çözgüdini tapyp, beýlekileriň uly üstünlik garaşmadyk ýerinde ýokary netijeleri gazanyp bilersiňiz. Ýolbaşçy wezipesindäki Daluwlar ýyldyzlaryň goldawyny duýarlar: bu olara öz ornuny berkitmäge, işgärler bilen bagly meseleleri çözmäge we ýygnanan ownuk kemçilikleri aradan aýyrmaga ýardam eder.Pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy we bähbitli şertnamalaryň baglaşylmagy mümkindir. Aýyň dowamynda maliýe meselelerinde içki duýgyňyz aýratyn güýçli bolar. Bu bolsa girdejileriňizi artdyrmak üçin ýüze çykýan mümkinçilikleri elden gidirmezlige we bar bolan serişdeleriňizi ýerlikli dolandyrmaga kömek eder. Esasan hem binagärlik we dizaýn ulgamy bilen meşgullanýan Daluwlar üçin iýun maddy taýdan örän üstünlikli bolar.
Adamlar bilen düşünişmek size has aňsat düşer, şonuň üçin şahsy gatnaşyklarda uly kynçylyklar döremez. Täze tanyşlyklara açyk bolan Daluwlara täze duşuşyklar we romantik duýgular garaşýar. Uzak wagt bäri dowam edýän gatnaşyklary bolan jübütlerde bolsa mähir we ynam has-da güýçlener.
Hut (balyk 21.02 – 20.03) 
Häzirki wagtda ýyldyzlar siziň tarapyňyzda. Bu amatly mümkinçiliklerden çekinmän peýdalanyň. Iş ugrunda başlangyç görkezmek aýratyn peýdaly bolar. Döredýän pikirleriňiz köpleriň göwnünden turarmeýilnamalaryňyzy amala aşyrmak üçin zerur bolan goldawy hem aňsatlyk bilen alarsyňyz. Iş bilen bagly gyzykly teklipleriň gelmegi mümkindir. Iň aýgytly Hutlar hünär ýolunda uly üstünlik gazanyp, ýokary wezipeleri eýeläp bilerler.Peýdaly tanyşlyklar garaşýar. Iýun aýynda başlanan iş gatnaşyklary wagtyň geçmegi bilen dostluga ýa-da hatda söýgi gatnaşyklaryna öwrülip biler.  Iýunyň ikinji ýarymy bar bolan gatnaşyklary berkitmek, ylalaşyga gelmek we meseleleri bilelikde çözmek üçin aýratyn amatly bolar.Maliýe meselelerinde töwekgelçilik etmek islemersiňiz. Puluňyzy ygtybarly taslamalara gönükdirmegi we diňe hakykatdan hem zerur zatlara çykdajy etmegi makul bilersiňiz. Köp Hutlar öň meýilleşdiren käbir satyn alyşlaryndan ýüz öwrüp, uzak möhletli maýa goýumlaryna üns bererler. Bu bolsa iň dogry çözgütleriň biri bolar. Iň uly maliýe üstünlikleri iýun aýynyň soňky günlerinde garaşylýar.Saglyk taýdan bu aý aýratyn amatlydyr. Siz güýç-kuwwatdan doly bolup, hatda köp iş ýükleriniň dowamynda hem ýadawlygy duýmazsyňyz.

Ýene-de okaň

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama