DÜNÝÄ

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça Ýörite wekilleriniň we ilçileriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý, sebitara hyzmatdaşlygyň geljegi we ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen halkara özara hereketler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalaryň eýeleýän ornuny maslahatlaşmagyň çäklerinde Owganystana ynsanperwer kömegini bermekde, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmekde, döwlet institutlaryny berkitmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda çykyp geplemek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan kuwwatlanan Owganystany goldamaga gönükdirilen yzygiderli ornuny belledi. Türkmenistanyň Owganystana sebitara integrasiýa amallarynyň möhüm gatnaşyjysy hökmünde garaýandygy we ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň çekilmegini goldaýandygy aýratyn nygtaldy.

Türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, sebit durnuklylygyny berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda sebitiň ýurtlary, Ýewropa Bileleşigi we halkara guramalar bilen konstruktiw özara hereketleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär