JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

– Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynda  belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazarlamak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň halkara giňişliginde özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.

Related posts

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny güýçlendirýär

Ata Watan Eserleri

Haberlerimiz Türkiye Cumhuriyeti Ticaret Bakanlığı sitesinde

vepa