SPORT

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Amerikaly Tori Penso Çehiýa bilen Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşygyna baş emin hökmünde bellenildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berýär.

Oýun 18-nji iýunda geçiriler. Pensonyň kömekçileri hökmünde onuň ildeşleri Bruk Maýo we Ketrin Nesbitt çykyş ederler.

Penso 39 ýaşynda. Ol 2020-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň Baş futbol ligasynyň (MLS) duşuşyklarynda eminlik edip gelýär. Mundan başga-da, ol milli ýygyndylaryň ýoldaşlyk duşuşyklaryna birnäçe gezek eminlik etdi.

Penso erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň duşuşygynda baş emin bolup işlejek ikinji zenan emin bolar. Bu babatda ilkinji zenan emin fransuz Stefani Frappar bolup, ol Katarda geçirilen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Germaniýanyň we Kosta-Rikanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga (4:2) eminlik edipdi.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri