SPORT

Maks Ferstappen 4-nji gezek “Formula 1” ýaryşlarynyň çempiony boldy

“Red Bull” toparynyň niderlandly türgeni Maks Ferstappen bassyr 4-nji gezek “Formula 1” ýaryşlarynyň çempiony boldy.

ABŞ-da geçirilen “Las Wegas Gran Pri” ýaryşynda “Mersedes” toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassel ýeňiş gazandy. Ikinji orny Lýuis Hemilton we üçünji orny Karlos-Saýns-kiçisi eýeledi.

27 ýaşyndaky Maks Ferstappeniň esasy bäsdeşi “Maklaren” toparynyň türgeni Lando Norrisiň ilkinji üçlige girmegi zerurdy. Ýöne, ýaryşyň jemleri boýunça Ferstappen 5-nji, Norris bolsa 6-njy orny eýeledi.

2024-nji ýylyň möwsüminiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galandygyna garamazdan, niderlandly türgeni Maks Ferstappen ýeňşini baýram etdi.

Formula 1″ ýaryşlarynyň 2024-nji ýylyň möwsümi Katar we Abu-Dabi “Gran Pri” ýaryşlary bilen tamamlanýar.

Related posts

Ten Hag “Bayer” klubynyň baş tälimçisi boldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Arda Güler “Real Madrid” bilen resmi şertnama baglaşdy