SPORT

Türkmen türgenleri 10 aýda 538 medal gazandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça hem işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 161-sine gatnaşyp, jemi 538, şol sanda 174 altyn, 150 kümüş, 214 bürünç medala mynasyp boldular.

Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny Olimpiýa oýunlaryna, dünýä we Aziýa çempionatlaryna ýokary derejede taýýarlamagy üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Related posts

Ilkinji gezek “Seriýa A” çempionatynda oýnar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Täjigistany ýeňdi

Hytaýda tomusky Uniwersiada badalga alar

Ata Watan Eserleri