JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda bolar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti bag nahallaryny we dürli gülleri ekmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda bolar. Bu barada şäheriň häkimi G. Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen iş maslahatynda habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişina görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky saparyny amala aşyrdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowa döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, bag nahallaryny we dürli gülleri ekmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen gitmek babatda döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynyň dürli görnüşli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe topln ýurt hökmünde ykrar edilendigini belläp, saparyň barşynda Arkadag şäherinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny we gülleri ekmek boýunça gepleşikleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz toplanan tejribäniň Arkadag we Aşgabat şäherlernde utgaşykly alnyp barylmalydygynyň zerurdygyny belläp, bu barada özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Related posts

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BDT Ekonomik Konseyi’nin 81. toplantısı yapıldı

vepa

Adam atlarynyň manysy

Ata Watan Eserleri