SPORT

“El-Klasiko”: “Barselona” topary “Real Madridi” kabul eder

“Barselona” – “Real Madrid” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk Ispaniýanyň “La Liga” futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň iň köp üns çekýän duşuşygy bolar. Möwsüme yzly-yzyna 9 ýeňiş bilen başlan we 27 utuk toplap, birinji orunda barýan “Barselona” topary 21 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýän “Real Madrid” toparyny kabul eder.

La Liganyň 10-njy tapgyrynyň çäginde Barselona bilen Real Madrid özara güýç synanyşar. Duşuşyk 25-nji oktýabryndan 26-njy oktýabryna geçilen gije bolar.

“Barselona” soňky döwürde geçirilen “El Klasiko” duşuşyklarynda üns çekiji netijeleri gazandy. Iki toparyň arasyndaky iň soňky duşuşykda, 2026-njy ýylyň 10-njy maýynda “Barselona” topary “Real Madridi” 2:0 hasabynda ýeňdi. Kataloniýa topary 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen duşuşykda hem 3:2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

“BARSELONA – REAL MADRID” DUŞUŞYGYNYŇ ÖŇÝANYNDAKY STATISTIKI MAGLUMATLAR

“Barselona” bilen “Real Madridiň” arasyndaky taryhy bäsdeşlikde umumy görkezijiler örän deňagramly.

Berlen statistiki maglumatlara görä, iki topar şu wagta çenli jemi 264 gezek duşuşdy. Şol duşuşyklaryň 106-synda “Barselona”, 106-synda bolsa “Real Madrid” ýeňiş gazandy. Galan 52 duşuşykda bolsa taraplar biri-birinden üstün çykyp bilmän, oýunlar deňme-deň tamamlandy.

Bu iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1902-nji ýylyň 13-nji maýynda geçirilip, şonda “Barselona” topary 3:1 hasabynda “Real Madrid” toparyny ýeňipdi.

“El-Klasiko” iň köp oýnan futbolçy barselonaly Sergio Buskets, iň köp gol geçiren hem barselonaly Lional Messidir.

“El-Klasikoda” gaznaylan iň uy hasaply ýeňiş,  1943-nji ýylda hasaba alnyp, şonda “Real Madrid” topary esasy bäsdeşi “Barselonany” 11:1 hasabynda utupdy.

Related posts

Bruno Fernandes Ronaldonyň yzyndan ýetdi

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ata Watan Eserleri

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi