SPORT

Ronaldo 2 milliard dollar gazanan ilkinji türgen boldy

Portugaliýaly hüjümçi, bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi we futbol taryhynyň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň biri Kristiano Ronaldo sport karýerasyny dowam etdirýän türgenleriň arasynda ilkinji bolup 2 milliard dollar gazandy. Bu barada “Forbes” neşiri habar berdi.

Neşiriň hasaplamalaryna görä, futbolçy 2026/27-nji möwsümde Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubundaky çykyşlary üçin 250 million dollar, mahabat şertnamalaryndan we beýleki telekeçilik taslamalaryndan bolsa goşmaça 50 million dollar girdeji gazanýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, geljek ýyl ABŞ-nyň «Inter Maýami» klubunda çykyş edýän argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň hem umumy girdejisiniň 2 milliard dollardan geçmegine garaşylýar.

41 ýaşly Ronaldo bäş gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Ýewropa çempiony we iki gezek UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordlara eýedir.

Ronaldo 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýär. Ol futbol karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real Madrid» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda hem oýnady.

Related posts

Meksikanyň milli ýygyndysy 1/8 finalyna çykdy

Italiýa – Ýewropanyň täze çempiony

Dünýä çempiony Emiliano Martines “Çelsi” futbol klubyna geçdi