Argentinaly futbolçy Lionel Messi sportda gazanan üstünlikleri we haýyr-sahawat işleri üçin sport ugry boýunça Asturiýa şazadasynyň halkara baýragyna mynasyp boldy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy Owýedo şäherindäki «Kampoamor» teatrynda geçirilýär. Şondan öň Asturiýa şazadasy Leonor «Rekonkista» myhmanhanasynda baýrak eýeleri bilen geçirilen resmi duşuşykda Messä baýragyň laureat nyşanyny gowşurdy.
Baýrak gowşurylyş dabarasyna Messiniň maşgalasy Antonella Rokutso hem gatnaşdy.
Messi 39 ýaşynda. Ol Ispaniýanyň futbol çempionatynyň, «Barselona» futbol klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçydyr.
Hüjümçi, şeýle hem, futbol taryhynda «Altyn top» baýragyna sekiz gezek mynasyp bolan ýeke-täk futbolçydyr.
