JEMGYÝET

Türkiýäniň ilçisi: «2026-njy ýylda 250 müň türkmenistanly syýahatça garaşýarys»

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisiniň kabulhanasynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda ertirlik naharynyň başynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekilleri, «Türk Hava Yolları» awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän döwlet we hususy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda akkreditasiýa edilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň we Türkiýäniň TRT teleradiokompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda Türkiýäniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Şener Jebeji iki ýurduň arasynda metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Ilçi ýakynda Türkmenistandan 10-a golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiliniň gatnaşmagynda Türkiýäniň Çanakkale we Balykesir şäherlerine guralan metbugat saparynyň netijelerine ünsi çekdi. Şeýle saparlaryň iki ýurduň halklarynyň birek-biregi has ýakyndan tanamagyna, medeni we taryhy gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri barada hem giňişleýin gürrüň edildi.
Ilçi Şener Jebeji Türkiýäniň dünýä syýahatçylyk pudagyndaky ornunyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny belläp, 2017-nji ýylda dünýäde 8-nji orunda duran ýurduň 2024-nji ýylda 4-nji orna çykandygyny aýtdy.
2025-nji ýylda Türkiýä 64 milliona golaý syýahatçy gelip, ýurduň syýahatçylykdan gazanan girdejisi 65 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji Türkiýäniň dünýäniň iň iri syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülendigini görkezýär.
Ilçiniň bellemegine görä, 2026-njy ýylyň ilkinji 8 aýynda Türkmenistandan Türkiýä 151 müň syýahatçy gelipdir. Ýylyň ahyryna çenli bolsa bu görkezijiniň 250 müňe ýetmegine garaşylýar.
Şeýle hem ilçi iki ýurduň arasynda metbugat hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Hususan-da, 2023–2026-njy ýyllar aralygynda türkmenistanly žurnalistler üçin Türkiýä 14 metbugat sapary guralyp, olara jemi 84 köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekili gatnaşdy.
Bu saparlar türkmenistanly žurnalistlere Türkiýäniň taryhy-medeni mirasy, syýahatçylyk mümkinçilikleri, ykdysady ösüşi we jemgyýetçilik durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga şert döretdi.
Ertirlik naharynyň başynda geçirilen duşuşyk dostlukly we açyk ýagdaýda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ilçi bilen dürli ugurlar boýunça pikir alyşmaga, şeýle hem türk aşhanasynyň meşhur ertirlik tagamlaryny ýene bir gezek dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.
Duşuşyk Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda metbugat, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine berilýän ähmiýetiň nobatdaky beýany boldy.
Çeşme: «Ata Watan Media» — Aşgabat.

Related posts

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleri: birinji gün

vepa

“Atavatan Türkmenistan” dergisinin yeni sayısı büyük beğeni topladı

vepa