JEMGYÝET

Putin bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, rus Lider amerikaly kärdeşini 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlady.

Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, amerikan lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Prezidentiniň şol gün daşary ýurt liderleriniň arasynda ilkinji bolup onuň bilen habarlaşandygyny aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow söhbetdeşligiň dostlukly we açyk ýagdaýda geçendigini, şeýle hem takmynan bir sagat dowam edendigini habar berdi.

“Wagty takyk aýtsak, gepleşik 55 minut dowam etdi,” diýip ol anyklaşdyrdy.

Onuň bellemegine görä, Tramp gutlaglardan hoşal galdy.

Related posts

Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanda 29-njy gezek nebitgaz forumy başlady

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Beýik Britaniýada tanyşdyryldy