SPORT

Jastin Geýj Ak tamda Iliýa Topuriýany ýeňip, UFC-niň ýeňil agram derejeli çempiony boldy

15-nji iýunda, garyşyk söweş sungaty boýunça “UFC White House — Freedom 250” ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şanly 80 ýaş toýy mynasybetli guraldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we maşgalasy Melaniýa Tramp hem bu tutluşyklary tomaşa etdi.

Ýaryşyň esasy tutluşygy 70 kg çenli agram derejesinde UFC-niň ýeňilmedik 29 ýaşly çempiony, ispan-gruzin türgeni Iliýa Topuriýa bilen UFC-niň ýeňil agramdaky wagtlaýyn çempiony, amerikaly Jastin Geýjiň arasynda boldy.

Tutluşyk dördünji döwden soň tamamlandy — Topuriýa alan agyr şikesleri sebäpli soňky bäş minutlyk döwe çykmakdan ýüz öwürdi.

Şeýlelikde, Jastin Geýj ýeňil agram derejede doly hukukly çempionlyk guşagyny eýeledi.

Bu söweşden soň Topuriýanyň MMA-daky hasaby 17 ýeňiş we 1 ýeňliş boldy. Jastin Geýjiniň hasaby bolsa 28 ýeňiş we 5 ýeňlişden ybarat.

Şeýle hem bu ýaryşyň çäklerinde fransuz Siril Gan braziliýaly Aleks Pereýrany nokaut edip, UFC-niň agyr agram derejedäki wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gazandy.

Ýene-de okaň

«Barselona» taryhynda ilkinji gezek gazak futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Dünýä çempionatynyň resmi topy Türkmenistana sowgat edildi

Messi finalda: dünýä çempionatyndaky rekordlary

Messili Argentina dünýä çempionatynda finala çykdy

Ispaniýa dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy

Dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolar