Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Hatda özbek-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ösüş mümkinçilikleri barada durup geçildi, şeýle hem amerikan lideri Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyryldy.
Döwlet Baştutanynyň hatynda Özbegistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara hormata, ynama we umumy bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda yzygiderli pugtalanyp, hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtady.
Prezidentiň bellemegine görä, häzirki wagtda iki ýurduň hyzmatdaşlygy aýratyn berk häsiýete eýe bolup, barha amaly ugra gönükdirilýär. Mirziýoýew Özbegistanyň ABŞ bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, şol sanda söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Hatda, şeýle hem, Donald Trampyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalaryna ýokary baha berildi. Özbegistanyň ýolbaşçysy iki döwletiň halkara we sebit meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem anyk amaly netijeler bilen baýlaşjakdygyna ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu sapar amala aşan ýagdaýynda, ABŞ Prezidentiniň Özbegistana edýän ilkinji resmi sapary hökmünde taryha girer.
