JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär.  Azerbaýjanyň “AZERTAG” resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow «Günorta Kawkazda parahatçylygy berkarar etmek: sebitiň global howpsuzlyga goşandy» mowzugynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerindäki «Parahatçylygy berkarar etmegiň gurallary: global wezipeleriň çäginde diplomatiýa» atly panel mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

Ilçi saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekilmeginiň garaşylýandygyny belledi.

Bu resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant goşar.

Related posts

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Türkmen Lider, torunlarıyla Avaza’da tatil yaptı

vepa

Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri