JEMGYÝET

Täze awtobus ugry açylýar: Parahat – Gurtly

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 44-nji “Parahat – Gurtly”      awtobus ugrunyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Agentligiň saýtyndaky habara görä, 44-nji  “Parahat – Gurtly” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – Aba Annaýew – Magtymguly şaýoly – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi bilen “Gurtly” belleniş nokadyna barýar we yzyna Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje – Taslama köçe – Magtymgyly şaýoly – Aba Annaýew – Görogly köçe – A. Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91

 

Ýol-ulag hadysasy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak barada maglumat

Related posts

Daşary ýurt raýatynyň bolýan ýeri barada resminamalar

vepa

Türkmenistanda täze energetika ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Dışişlerinde görüşmeler

vepa