JEMGYÝET

«Sazae-san» multfilmiň täze bölümleri wagtlaýynça togtadylar

Dünýäniň iň köp bölümli multfilmi bolan «Sazae-san» dünýädäki käbir sebäplere görä, wagtlaýynça täze bölümleriniň ýaýlyma berilmejegini studiýa habar berdi. Emma muňa garamazdan bu multfilmiň öňki bölümleri ýaýlyma göýberiler. Bu multfilm dünýäniň iň köp bölümli multfimi ady bilen Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi başardy. «Sazae-san» multfilmi 1969-njy ýyldan bäri her hepdäniň ýekşenbe agşamy ýaýlyma berilip gelinýän multfilmdigini aýratyn bellemegimiz gerek. Bu multfilm Ýaponiýanyň «Fuji Television» studiýasy tarapyndan surata düşürilýär. Bu multfilm 2500-den gowrak bölümden ybaratdyr.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’rsquo;dan Rusyarsquoya taziye

vepa

Brýusselde Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi