JEMGYÝET

Milli Liderimiz we Gazak Baştutany senagat sergisine baryp gördüler

Gazagystan Respublikasynda dostlukly saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen “SPK Turkistan” senagat zolagyna baryp gördi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bu ýerde umumy bahasy 36.5 milliard tengeden ybarat 6 maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýagyş we damjalaýyn suwarmak boýunça tehnikalaryň, oba hojalyk traktorlarynyň, mekdep, lukmançylyk we otag mebelleriniň, gapylaryň we senagat sowadyjylarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Zolagy ösdürmegiň indiki tapgyrynda 70 gektar meýdanda 112 desganyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazak Baştutany senagat zolagynda kosmos, maşyngurluşyk, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ýeňil, azyk we himiýa senagaty pudagyndaky gazak önüm öndürijileriň önümleri bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar