Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin ýakynlaryň goldawynyň ýetmezligi duýulmagy ahmal olaryň hem öz iş-aladalary bolar. Şonuň üçin özüňizi ruhlandyrmak üçin içki güýjüňize daýanmagyňyz möhümdir. Güniň ikinji ýarymynda işde möhüm işlere girişmek maslahat berilýär.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün Sowurlara irden turup işe girişmek maslahat berilýär güýjüňiz irden has netijeli bolar. Günortandan soň öý işleri sizi rahatlandyrar. Güniň ikinji ýarymynda öýe we özüňize degişli meseleler tertiplener, pikirleriňiz hem aýdyňlaşar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwzalar özlerini ir säherden agyr duýup bilerler. Şonuň üçin çylşyrymly işlere girişmezlik we başarýan işleri bilen meşgullanmak maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek size gowy dynç almakda uly müňkinçilik döreder.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seratanlara bu gün öz içki dünýälerine çekilip, geljegi meýilleşdirmek peýdaly bolar. Emma günortandan soň ünsli we çalt hereket etmeli wagtynda ýetişmezlik ýa-da möhüm mümkinçiligi soňa goýmak howpy bar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetlerde bu gün irden dynç almak islegi döräp biler. Emma günortandan soň biraz işlemeli bolarsyňyz. Resmi işler hasaplaşyklar üçin bu gün amatly gün.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin pikirlenip hereket etmek wajyp, sebäbi ýalňyşmak mümkinçiligi bar. Ädimleriňizi oýlanyşykly meýilleşdiriň. Wajyp resminamalary agşam gol çekmek maslahat berilýär, ýöne ýazgylary hem üns bilen okaň soraglar ýüze çykyp biler.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek üçin amatly gün. Işde täze hyzmatdaşlyk teklipleri peýda bolup biler. Karar bermegiňizi talap edýän meseleleri gijikdirmäň.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Duýgularyňyz güýçlenip biler — özüňize gözegçilik etmek möhümdir. Maliýe meselelerinde seresap boluň.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz siziň ukyp-başarnygyňyzy görerler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar üçin bu gün daşyndan ownuk ýaly görünýän, ýöne içinde uly howp gizlenen meseleler peýda bolup biler. Şonuň üçin seresap boluň. Günortandan soň bolsa täze tanyşlyklar garaşýar käbirleri durmuşda möhüm orun alyp biler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler bu gün çylşyrymly soraglaryna jogap tapyp bilerler. Pikirleriňizi tertipläň, özüňize içgin serediň. Günortadan soň täzeden işlemek maslahat berilýär ýolbaşçylaryňyz siziň döredijiligiňizi goldarlar.Emma şahsy gatnaşyklarda sözleriňize üns beriň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Täze mümkinçilikler peýda bolup biler. Täze zatlary öwrenmek üçin ideal gün. Öňden meýilleşdirilen işleriňizi çykdayjyly etmän ýerine ýetiriň. Sebäbi ownuk meseleler hem uly problema döredip biler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar bu gün soraglaryna doly jogap almazlyk mümkin. Sabyr ediň wagt geçdigiçe her zat öz ýerine düşer. Günortandan soň döredijilik bilen meşgullanyň işde bu gowy netije berer, üstesine-de özüňiz hem lezzet alarsyňyz.
