DÜNÝÄ

Aşgabadyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­

Ýüz ýaş­ly, on­dan hem köp ýa­şan adam­la­r ýü­ze sy­lyn­ýar. Ola­ryň dur­mu­şy­nyň köp­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ma­gy te­bi­gy ýagdaýdyr. Şeý­le yn­san­la­ryň bi­ri hem paý­tag­ty­my­zyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­dyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy döwründe ýan­ýol­da­şy Gur­ban Ak­pe­row bi­len tyl­da yh­las­ly zäh­me­t çeken Fat­ma daý­za 1923-nji ýyl­da ene­den do­gul­ýar. Ol ki­çi­li­gin­den öý iş­le­ri­ne kö­mek­le­şip, aş­pez­lik hö­we­sin­de bo­lup­dyr hem-de bu ar­zu­wy­na ýe­tip­dir. Ol özü­niň bi­şi­ren süý­ji ta­gam­la­ry bi­len köp ýyl­lap adam­la­ra hyz­mat edip­dir. Gur­ban aga bi­len al­ty ça­ga­ny — bäş gy­zy, bir og­ly ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren Fat­ma daý­za­nyň bu gün 17 ag­ty­gy, 42 çow­lu­gy hem 6 ýuw­lu­gy bar.

— Dur­muş­da esa­sy akyl ýe­ti­ren za­dym — sag­ly­gy­ňa go­wy se­ret­mek, ulu­lar­dan ýagşy gö­rel­de al­mak, ar­zu­wy­ňy mak­sa­da öwür­mek, her bir işe er­jel ýa­pyş­mak… şu­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­seň, şow­lu­ly­gyň sen­den daş däl­di­gi­ne dü­şü­ner­siň. Ýa­şa­ma­gyň ma­ny­sy­nyň ru­hy gym­mat­lyk­dy­gy­na, ola­ry dur­mu­şyň­da saz­la­şyk­ly ulan­ma­gy ba­şar­mak­dy­gy­na aky­lyň ýe­ter – diýip. Fatma daýza belleýär.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär