BIZNES

Türkmenistanda “Ulus kabel” markaly mis kabelleriň önümçiligi ýola goýuldy

Şu günler paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly XII halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu halkara ginişlikde geçirilýän sergi dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi.

Halkara sergisine Türkmenistanda öndürilen önümlere hem aýratyn orun berildi we bu önümler daşary ýurt myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.

2018-nji ýylda döredilen “Maksatly gerçek” hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän “Ulus kabel” markaly mis kabelleriň önümçiligi ýola goýuldy.

Hususy kärhanasy halkara sergide “Ulus kabel” ady bilen diwarlyk açyp, şol ýerde özleriniň önümlerini tanyşdyrdy. Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda mis kabel önümçiligini ýola goýan hususy pudagyň wekilleri kabel önümçiliginiň tehnologiýasyny Türkiýeden getirdiler.

Dünýäde giň bäsdeşlige ukyply mis kabelleriň önümçiligi ýola goýuldy, kabelleriň düzüminiň 99,9 göterimi misden ybarat. Şeýle hem kabeldäki PWH izolýasiýasy +190 derejedäki temperatura çydamlydyr.

Ýokary hilli we döwrüň talaplaryna doly gabat gelýän täze, döwrebap tehnologiýalar bilen öndürilýän kabeller “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyrylandyr.

Maksatly gerçek” hususy kärhanasy gündelik önümçiligini alyp baryp, şol wagtda “Ulus kabel” markaly mis kabellerini sargyt esasynda hem öndürýär.

Ýene-de okaň

6 ýurduň Premýer-ministri Hytaýdaky halkara sergä gatnaşar

«Guwlyduz» kombinatynda duzlaryň dürli görnüşleri öndüriler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Rus kompaniýalary Astrahan-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Türkiýe 2025-nji ýylda Stambulda gaz söwda merkezini döreder

Tokaýew: Gazagystan ýyllyk nebit önümçiligini 100 million tonna ýetirmegi maksat edinýär