JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna degişli bilelikdäki beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekişlik dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan ataýewa bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweseriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklayr pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellendi.

Taraplar Türkmenistanyň we Lihtenşten Knýazlygynyň gyzyklanma bildiren BMG-niň gün tertibi, hususan-da parahatçylyk we ynanyşmagy pugtalandyrmak, öňüni alyş diplomatiýany, halkara sport gatnaşykyklaryny  ilerletmek we durnukly ösüşe degişli beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

BSSG COVID-19-a garşy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri