Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde polat turbalary we profilleri öndürýän häzirki zaman kärhanasy açylyp ulanmaga berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde gurlan täze kärhananyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi.
Polat turbalary we profilleri öndürýän kärhananyň buýrujysy we potratçysy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şanly bedew» hojalyk jemgyýetidir. Änew şäherinden uzak bolmadyk ýerde bina edilen täze kärhana 5 gektar meýdanda ýerleşmek bilen, onda Türkiýe, Italiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň kämil enjamlary, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylypdyr. Kärhananyň kuwwaty ýylda 12 000 tonna dürli ölçegdäki polat turbalary we profilleri öndürmäge niýetlenendir. Işleriň gidişine kompýuterler arkaly gözegçilik etmäge giň mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.
Täze kärhana bilen tanşan myhmanlar önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň tilsimatlarynyň amatlyklaryna we mümkinçiliklerine ýokary baha berip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, suwy tygşytly ulanmaga gönükdirilen tagallalarda onuň möhüm ornunyň boljakdygyny guwanç bilen bellediler.