JEMGYÝET

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahaty şu ýylyň 27-28-nji martynda guramak meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşarlar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Related posts

Burak Özçiwit we türk myhmanlary Aşgabady aýlanyp gördüler

EBRD’den Türkmen işadamlarına ihracat semineri

vepa

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri