SPORT

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berildi.

Related posts

Finlýandiýa – dünýä çempiony

Ata Watan Eserleri

Türki döwletlerde futboly ösdürmek meýilleşdirilýär

“Barselona” topary: transfer habarlary