BIZNES

Günorta Koreýanyň kompaniýasy Türkmenistanda 2 sany zawod gurar

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Türkmenistanda çig maly tebigy gaz bolan 2 sany iri desganyň gurluşygy boýunça iş alyp barýar.

“Orient” neşiriniň habar bermegine görä, Dubaý şäherinde geçirilen ýangyç-energetika pudagyna degişli hlakara göçme forumda kompaniýanyň göz öňünde tutýan zawodlarynyň taslamalary tanyşdyryldy. Koreý kompaniýasynyň daşary ýurt marketing bölüminiň ýolbaşçysy Min Manjunyň tanyşdyran taslamasyna görä, Balkan welaýatynda ýyllyk önümçilik kuwwatyny 660 müň we 1155 tonna barabar bolan ammaik we karbamid zawodyny gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ikinji taslama – Lebap welaýatynyň Türkmenabat himiýa zawodynyň ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna bolan fosfat döküniniň önümçilik zawodydyr.

Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan ähli seljermeler geçirilip, konserniniň wekilleri bilen gepleşikler guraldy.

Koreý işewüri Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmak üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Related posts

“Time” žurnaly “ýylyň adamyny” saýlady

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Buýan köküniň 3 müň 327 tonnasy eksport edildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment