MEDENIÝET

Türki dünýäsiniň žurnalistleriniň simpoziumy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde türki dünýasiniň synçylarynyň simpoziumy geçirilýär. Ol türki dünýäsinda medeniýet we metbugat ulgamyndaky tejribe alyş-çalşygyny ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýär. Türki döwletleriniň žurnalistleriniň simpoziumy Türkiýe Respublikasynyň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan gurnalýar.

Şu gün simpoziumyň açylyş dabarays geçirildi. Onda guramaçy tarap – Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň ýaýlym bölüminiñ başlygy, TRT teleýaýlymynyñ direktorlar geñeşiniñ agzasy dosent Oguz Göksu çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda häzirki dünýäde ýalan habarlaryñ ýaýradylmagynyñ öñüni almak, şeýle-de habarlaryñ gereginden artyk ýoýulmagyna garşy göreşleriñ alnyp barylýandygy baradaky täsirli we gyzykly maglumatlary beýan etdi.

Soñra simpozium oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary, sorag-jogap alyşmalaryň üsti bilen dowam etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu simpoziuma “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysy bilen bir hatarda Türkmenistandan “Orient”, “Türkmenportal” hem-de “SalamNews” ýaly internet neşirleriniň hem wekilleri gatnaşýar.

Maksatnamanyň soňky gününde — 28-nji aprelde simpoziuma gatnaşyjylar dünýäniň iň uly awiasiýa we tehnologiýa festiwalyna — TEKNOFEST-e gatnaşarlar.

Şeýle hem simpoziuma gatnaşmak üçin gelen žurnalistler üçin mednei maksatnama hem taýýarlanyp, onda deňizde gämili gezelenç guraldy.

Türki döwletleriň synçylarynyň simpoziumy 2014-nji ýylda döredildi. Onda umuman, köpçülikleiýn habar beriş serişdelerindäki hyzmatdaşlyk, metbugatyň orny barada gyzykly çykyşlar diňlenilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy